Ýurtda ulag hyzmatlary 121% ýokarlandy

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gözegçilik edýän düzümlerinde 2023-nji ýylyň ýanwar - dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

 

Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 121 göterime deň boldy. Geçen ýylda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterime barabar boldy. 2023-nji ýylda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 118 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 192,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,1 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,5 göterime deň boldy.

 

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem ulag-logistika pudagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň geçirilen mejlisleriniň netijeleri, ulag-aragatnaşyk toplumy üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň gönükdirilişi barada hasabat berildi.

 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmekde üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak hem-de hilini gowulandyrmak, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýagny demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri netijeli alyp barmak zerurdyr.

 

Döwlet Baştutanymyz awtoulag kärhanalarynyň parkynyň üstüni döwrebap awtobuslar, taksiler we dürli görnüşli ýük awtoulaglary bilen yzygiderli ýetirmek boýunça işleri alyp barmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatdaky işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, howa gämileriniň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygy aýdyldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak wajypdyr.

 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.