«Kia K8»: täze nusganyň käbir aýratynlyklary
«Kia K8» modeliniň ilkinji tanyşdyrylyşy 2021-nji ýylda Koreýa Respublikasynda guralypdy. Ol «K7» diýen at bilen satylan modeliň hem-de «Cadenza» markasynyň ornuny tutupdy.
Häzirki wagtda bolsa «K8» «Kia» tarapyndan öndürilýän iň meşhur ulaga öwrüldi. Onuň bu ugurda diňe düýbünden başgaça gurluşy bilen tapawutlanýan «K9» modelinden yza galýandygyny bellemek gerek. Ine, bu gün bolsa kompaniýanyň dizaýnerleri «Kia K8» modeliniň täzelenen nusgasynynyň nähili görnüşde boljakdygyny görkezdiler.
Şeýlelikde, täze «K8» «Sorento» krossowerinden we ýakyn wagtda çykjak «K4» sedanyndan bezeg alamatlaryny alar. Awtoulag özboluşly radiator gözenekleri, çyralary, täze nusgadaky kapoty we beýleki döwrebaplaşdyrylan aýratynlyklary bilen tapawutlanar.
Sedanyň elektrik birlikleriniň ölçegi boýunça düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar. Muňa garamazdan, inženerler modeliň has täsirli kabul edilmegi üçin onuň hereketlendirijilerini az-kem kämilleşdirerler we gibrid görnüşlerine has uly batareýalary goşup, elektrik ätiýaçlygyny artdyrarlar.
Awtoulagyň içiniň nähili görnüşde boljakdygy heniz belli däl. Muňa garamazdan, onda «Sorento» modeliniňki ýaly egrelýän goşa ekranly multimediýa ulgamy ornaşdyrylar. Ulagda «EV9» krossoweriniňki ýaly rul bolar.
Täzelenen «Kia K8» sedanynyň tanyşdyrylyşyny tomus aýlarynda guramak meýilleşdirilýär. Ulag şu ýylyň ahyryndan Ýewropada we ABŞ-da hem satylyp başlanar.