Ministrler Kabinetiniň mejlisinden: 9 aýyň netijeleri we Prezidentiň tabşyryklary

10-njy 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,1 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — sentýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 106,7 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 131,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 147,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,2 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragy ýerleşdirildi, «Bir penjire» ulgamynda bolsa 14 müňden gowrak şahsy otaglar döredildi.

Welaýat merkezlerinde täze awtomenzilleriň açylandygy barada habar berildi. Şeýle-de elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyklary dowam etdirilýär.

Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak barada görkezme berdi. Ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmak, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur işleri geçirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.