Türkmenistanda oba hojalygy boýunça täze düzümler döredildi

Türkmenistanda oba hojalygy boýunça täze düzümler, ýagny ýurduň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

 

Resminama laýyklykda, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi degişli pudaklar boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitleniler.

 

Şeýle-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi, degişlilikde, öz Düzgünnamalarynyň, merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, merkezi edaralarynyň işgär sany baradaky hem-de Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde taýýarlamaga hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

 

Türkmenistanyň oba hojalygy ulgamynda täze düzümleri döretmek bilen bagly çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.