Demirýolçylary taýýarlaýan okuw mekdebi

 

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen baglanyşyklydyr» diýip, jaýdar belleýär.

 

“Türkmendemirýollary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebi 1976-njy ýylda döredilen.

 

Mekdebiň esasy wezipesi – demir ýol ulaglary pudagynyň ähli ugurlary boýunça ussatlygy talap edýän zähmete ukyply başlangyç bilimli hünärmenleri taýýarlamak, olara başlangyç hünär bilimini bermek we talyp ýaşlarda milli taryhymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarlarynyzy hem-de ileri tutulýan umumy adamzat gymmatlyklary bilen özara berk baglanyşykly, çuň ahlak ýörelge äheninde terbiýelemekden ybarat bolup durýar.

 

Mekdepde okuwlary geçirmek üçin niýetlenen synp otaglary, usulyýet gollanmalary, edebiýatlar, okuw kitaplary, kadalaşdyryjy resminamalar, görkezme esbaplar we degişli serişdeler bilen üpjün edilen.

 

Demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebinde şu aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:

- teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi;

- stansiýa boýunça nobatçy;

- demir ýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montažçy-elektromehanik;

- wagonlary gözden geçiriji we abatlaýjy.

 

Mekdepde häzirki wagtda talyplar 1,5 ýyl okuw möhletli gündizki hem-de gündizki – gaýybana (agşamky) bölümlerinde okadylýar. Okuw tölegli esasda okadylýar. Şeýle-de, 2024-nji  “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýylynda bu mekdebe 210 sany talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar.

 

2024-2025-nji okuw ýylyna talyp sanyny köpeltmek, hünärleri okuw möhletine laýyklykda geljekde 3-aýlyk, 6-aýlyk, 10-aýlyk gysga möhletli okuwlary açmak meýilleşdirilýär.

 

Mekdepde talyplaryň önümçilik tejribe okuwlaryny demir ýol pudagyna degişli edara-kärhanalarda, şahamçalarda ýagny: teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi hünäri boýunça – “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 26-njy şahamçasynda, stansiýa boýunça nobatçy hünäri boýunça - 19-njy şahamçasynyň Türkmenabat-1, Türkmenabat-2 stansiýalarynda, demir ýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montažçy-elektromehanik hünäri boýunça - 23-nji şahamçasynda, wagonlary gözden geçiriji we abatlaýjy hünäri boýunça “Türkmenabat ýük wagon abatlaýyş depo” hojalyk jemgyýetinde we paýdarlar jemgyýetiniň 21-nji şahamçasynda geçýärler.

 

Welaýatlardan gelip bilim alýan talyplar önümçilik tejribe okuwlaryny meýilnama laýyklykda degişlilikde öz ýaşaýan ýerleri boýunça geçmeklikleri göz öňünde tutulan.

 

Türkmenabat şäherindäki demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebiniň taýýarlaýan hünärmenleri milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmäge uly goşant goşýarlar.