Aşgabadyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepler we çagalar bagy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

 

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri we çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.