Gazagystan Türkmenistan bilen ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma

Gazagystanyň ekologiýa we tebigy baýlyklar ministri Ýerlan Nysanbaýew BMG-niň ýabany haýwanlaryň göçüp-gonup ýören görnüşlerini gorap saklamak baradaky Konwensiýanyň 14-nji mejlisine (COP 14) gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda Respublikanyň Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen ekologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada “Kazinform” habarlar agentligi mälim edýär.

 

Bellenişi ýaly, bu maslahatda Gyzyl kitaba girizilen haýwanlaryň görnüşlerini, şol sanda saýga, gar gaplaňy we beýlekileri gorap saklamak maslahatlaşylar. Forumyň dowamynda ýabany süýdemdirijileriň goralýan ýerleri, olaryň erkin göçmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin umumy mejlise gatnaşan wise-ministr Nurken Şarbiýew bu ugurda serhetüsti hyzmatdaşlyk meseleleri barada hem durup geçdi.

 

Samarkant şäherinde geçirilýän halkara ekologiýa maslhaty 17-nji fewrala çenli dowam eder. Başgaça Bonn Konwensiýasy diýlip atlandyrylýan halkara başlangyja gatnaşyjy ýurtlardan, şeýle hem halkara guramalardan 1,7 müň wekil bu çärä gatnaşýar.