Belarus Türkmenistana ulag hyzmatlarynyň möçberini 4 esse artdyrdy

Belarusyň ulag we aragatnaşyk ministri Alekseý Lýahnowiç geçen ýylyň netijelerine esaslanyp, Respublikanyň Türkmenistana ulag hyzmatlarynyň eksportyny 3,6 esse artdyryp bilendigini aýtdy. Belarus neşiriniň habar bermegine görä, belarus ulag operatorlary tarapyndan awtoulag arkaly halkara ýük daşamalary mümkin bolan ýurtlaryň sany 14-e ýetdi.

 

Bu maglumatlar Belarus hökümetiniň geçen ýylyň netijeleri baradaky ýygnagyndan soň mälim boldy. Şonda ösüşiň Braziliýa (4,9 esse), Pakistana (4,2 esse), Müsüre (2,5 esse), Hytaýa (2,3 esse) we Indoneziýa (2,2 esse) eksport hyzmatlarynda hem hasaba alnandygy bellendi.

 

Belarus Respublikasy gury ýerde ulag-logistika kuwwatlyklaryny işjeň ösdürýär, milli ulag parkyny giňeldýär we bar bolan infrastrukturany döwrebaplaşdyrýar.