Azerbaýjanyň iň iri gämileriniň biri türkmen nebitini daşamakda ulanylar
“Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiligi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň başlygy “Zyh” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda “Gahryman Halilbeýli” tankerini abatlamak işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.
Bellenişi ýaly, bu gämi türkmen nebitini daşamakda ulanylar. Gämi ilkinji gatnawyny ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna amala aşyrar.
Bejeriş wagtynda tankeriň suwasty we suwüsti bölekleri arassalandy we boýaldy, şeýle hem hereketlendiriji otagynda, esasy dwigatelde, gazan otaglarynda we kömekçi hereketlendirijilerdäki mehanizmler çalşyldy. Mundan başga-da, kebşirlemek we elektrik gurnamak işleri geçirildi we ekipaž kabinalary abatlandy. Onda has ösen häzirki zaman aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamlary oturdyldy.
Gruziýa we Gara deňiz sebitiniň beýleki ýurtlaryna eksport etmek üçin azerbaýjan we türkmen gämileri Türkmenistandan nebit daşaýar.