Türkmenistan owgan talyplaryny demirýolçylyk işi boýunça okadar
Owganystanyň hökümetiniň demir ýol departamenti Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary bilen owgan talyplarynyň 28-niň bu edaranyň dürli önümçilik bölümlerinde okuw geçmekleri barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi.
“Jemi 28 adam barada ylalaşylyp, şolaryň 14-si häzir ugrar, olaryň wiza hem-de pasport boýunça amallary dowam edýär hem-de ýakyn wagtda tamamlanar, galan 14 adam bolsa demir ýollaryň dürli bölümlerinde okamak üçin ýakyn hepdelerde ugradylar” diýip, “Taliban” hökümetiniň wekili Abdul Sami Durrani Durrani Deutsche Welle neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Türkmenistana ugraýan owgan talyplary ol ýerde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna okarlar. Durrani şeýle görnüşde okuw geçmek ylalaşygyny beýleki ýurtlarda-da almaga synanyşýandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, owgan dolandyryş ulgamynda Türkmenistanyň Andhoý stansiýasyndan Andhoý merkezine çenli demir ýol gurmagy wada berendigi barada aýdylýar.
Bu beýanata berilýän düşündiriş hökmünde şeýle ýazylýar: “Türkmen tarapy Andhoý stansiýasyndan Andhoý merkezine çenli deslapky taslamalaşdyrylan 10 kilometrlik demir ýoly gurmak baradaky çözgüdi kabul etmek üçin ýakyn wagtda Akina tehniki topary ugratmagy wada berdi”.
Häzirki wagtda Owganystan Turgundyda hem-de Akinada demir ýol şahalary arkaly Türkmenistan bilen birleşdirilendir. Şol ýol arkaly her gün täjirçilik harytlar daşalýar.