Türkmenbaşy halkara deňiz porty «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň sanly sanawyna giriziler
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasy baradaky maglumatlar «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna giriziler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, sanawy döretmek karary GDA-nyň ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen ulag babatyndaky işewür gepleşikleriniň ikinji mejlisiniň netijelerinden gelip çykýar.
Infrastruktura sanawy Arkalaşygyň agza döwletleriniň utgaşdyryjy ulag ýygnagynyň saýtynda köpçülige hödürlener. Munuň özi «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň logistika ugurlaryny we üpjünçilik zynjyrlaryny döretmekde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny kesgitlemäge mümkinçilik berer.
Ýeri gelende bellesek, halkara ulag geçelgesiniň ösüş strategiýasynda kesgitlenen esasy ugurlaryň üçüsinden ikisi Türkmenistanyň üstünden geçýär. Hazaryň üstünden uzaýan ugur Hazar deňziniň üsti bilen deňiz we derýa ulaglary arkaly Wolga boýunça Astrahana, Aliýa we Mahaçkala portlaryndan türkmen hem eýran portlaryna baryp ýetse, Gündogar ugry Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen awtomobil we demir ýollar arkaly geçer.