Iň döwrebap ýük awtoulag parky Litwada ýerleşýär

Häzirki wagtda Ýewropa ýollarynda 6,4 million orta we agyr ýük ulaglary hereket edýär. Munuň özi 2020-nji ýyldaky görkezijiden 3,2 göterim artykdyr. Ulag ulgamyndaky ägirt uly taslamalary bilen tanalýan Polşa 1,2 milliondan gowrak ýük awtoulagyna eýelik edýär. Muňa garamazdan Ýewropa Bileleşiginde iň döwrebap ýük awtoulag parky Litwa degişlidir.

 

Litwadaky ýük awtoulag parkynyň şeýle parklaryň iň ulusy däldigini bellemek gerek. Onüň mümkinçiligi bary-ýogy 73 müň birlik (deňeşdirmek üçin: Latwiýada — 33,1 müň, Estoniýada — 41 müň) üçin niýetlenendir. Muňa garamazdan, ol ýylyň-ýylyna yzygiderli ösýär. Bu park 2017-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, takmynan 20 göterim ösdi. Şol bir wagtyň özünde hem, ol iň döwrebap awtoulag parklaryndan biri hasaplanýar.

 

Ýewropa Bileleşiginde ýük awtoulaglarynyň ortaça ýaşy 14,2 ýyla barabar hasaplanylýar. Ortaça iň köne ýük awtoulag parky Gresiýada (22,7 ýyl) ýerleşse, iň täze ulaglar Awstriýada (6,6 ýyl) we Daniýada (7,5 ýyl) bellige alyndy. Litwanyň ýük awtoulag parkynyň ortaça ýaşy bolsa 10 ýyldyr. Onuň iň köne ýük awtoulaglary 10 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylyp, olar parkyň awtoulag binýadynyň 40 göterimini düzýär. Litwanyň ulag parkynyň awtoulaglarynyň 20 göterimi 5-10 ýyl bäri peýdalanylýar.

 

Litwanyň awtoulag parkynyň Ýewropada iň döwrebap parklardan biridigini bellemelidiris: Litwanyň ýük awtoulaglarynyň 10 göterimi (7,6 müň) 2021-nji ýyldan başlanýar. Deňeşdirmek üçin nygtasak, ulag ulgamynyň ägirdi hasaplanýan Polşada şeýle önümleriň bary-ýogy 2,7 ​​göterimi bar. Italiýadaly we Ispaniýadaky parklarynyň 3 göterimi şol ýylyň ýük awtoulaglarydyr. Şeýle ulaglar Fransiýanyň awtoulag parkynyň 7 göterimini, Germaniýanyň parkynyň bolsa 9 göterimini eýeleýär.

 

2022-nji ýylda Litwada täze ýük awtoulaglaryna ýatyrylan maýa goýumlaryň derejesi ilkinji gezek 1 milliard ýewrodan geçdi. Munuň özi 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, şu pudaga degişli maýa goýumlaryň çärýek derejede artandygyny görkezýär. Soňky bäş ýylda ol 4 milliard ýewro golaýlady. Şeýlelikde, Litwa agyr awtoulaglaryň Ýewro-6 standartyndaky maýa goýumlar boýunça Ýewropa Bileleşiginde birinji ýerde durýar.