Prezident Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmaga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini we beýleki resmi adamlaryny hem-de halkyny täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Gutlag haty Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

 

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, döwlet Baştutany türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gutlag hatyny ýollady.

 

"Men Siziň bilen geçen ýylyň noýabrynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji forumynyň çäklerinde Pekin şäherinde geçirilen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda biz döwletara gatnaşyklarymyzyň üýtgewsiz dostlukly we strategik häsiýetine ýokary baha berdik" diýlip, gutlag hatynda bellenýär.