Türkmenistanyň kazylarynyň 6-njy maslahatynda kazyýet işini sanlylaşdyrmak işleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň kazylarynyň 6-njy maslahatynda kazyýet edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak işi we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

 

Maslahata Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Çykyş edenler döwletiň her bir raýatyň erkin we mynasyp derejede ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek bilen, adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýändigine ünsi çekdiler. “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Bellenilişi ýaly, bu resminamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, adalatly, garaşsyz kazyýet çözgütleriniň çykarylmagyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesiniň, hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.