TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi

Anna güni, 9-njy fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýurdumyzyň nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem türkmen halylary ýerlenildi.

 

Pakistandan we Türkiýeden telekeçiler çig-ýüpek, nah ýüplügini we agardylan pagta süýümini satyn almak boýunça Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

 

Daşarky bazarda Türkiýäniň telekeçileri «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň işewür toparlaryndan «PLUS SN 10W-40» kysymly motor ýagyny we solidol çalgy ýagyny satyn aldylar.

 

Owganystanyň we Britaniýanyň Wirgin adalarynyň işewür toparlarynyň wekilleri gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny hem-de «TS-1» kysymly awiakerosini satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

 

Içerki bazarda türkmen telekeçileri «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar. Olar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden aşgarlanmadyk nah ýüplügini, agardylmadyk iki gatly nah ýüplügini, nah ýüplügini we dykyz flanel 100% aşgarlanmadyk nah matany satyn aldylar. Şeýle hem ol türkmen el halylaryny satyn aldylar.

 

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 21 948 596,02 manada we 5 721 524 dollara deň bolan 13 geleşik baglaşyldy.