TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazarda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalanýar

Şenbe güni, 10-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy.

 

Gruziýadan telekeçiler «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

 

Owganystanyň telekeçileri gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

 

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TS-1» kysymly awiakerosini satyn aldylar.

 

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 17 630 dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.