Hytaýda «Lexus ES 200 Special Edition» modeliniň görkezilişi guraldy

Hytaý Halk Respublikasynda «Lexus ES 200» sedanynyň täze nusgasy görkezildi. «Special Edition» diýlip atlandyrylýan ulag özboluşly aýratynlyklaryň birnäçesine eýedir.

 

Kümüş öwüşginli radiator gözenekleri awtoulag awyoulagyň daşky keşbine bezeg berýär. Onuň tigirleri hem özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanar. Uýgunlaşdyrylan yşyklarynyň hem-de  gabarasynyň «Supersonic Titanium Silver» hem-de «Supersonic Quartz White» diýen at bilen meşhurlyk gazanan reňkleri onuň häzirki wagtda iň halnýan görnüşde we reňklerde hödürlenjekdigini görkezýär.

 

Gara-gyzyl deriden taýýarlanan salon, «Mark Lewinson» ses sazlaşdyryjy tehnologiýasy hem-de «Lexus» brendiniň «özboluşlylygyny» görkezýän logotipler ulagyň içinde utgaşdyrylýar.

 

Mundan başga-da, ulagda 7 dýuým ekranly sanly gural paneli, sürüjiniň 8 ugurly elektrik sazlaýjyly oturgyjy hem-de 12,3 dýuým diagonal ekrany bilen tapawutlanýan media ulgamy ýerleşdirilipdir.

 

Tehniki häsiýetnamasy hakynda gürrüň etsek, «Lexus ES 200 Special Edition» ýörite nusgasynda bary-ýogy 176 at güýjüne barabar bolan 2.0 litrlik atmosfera hereketlendirijisi oturdylypdyr. Ol «CVT» geçirijisiniň jübüti bilen işleýär. Munuň özi uzynlygy 4975 mm we tigir binýady 2870 mm bolan awtoulag üçin az-kem pesdir.

 

Onuň bahasy 50 müň dollara barabar bolar.