TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda açyk sapak geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, şahyr Baba Saryýew talyplar üçin açyk sapak geçirdi.
Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýan Baba Saryýew açyk sapagyň dowamynda gatnaşyjylara dana şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän watansöýüjilik, ynsanperwerlik ideýalary, olaryň çeperçilik taýdan kämilligi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
Mugallymyň belleýşi ýaly, beýik şahyr türkmen halkynyň milli medeniýetiniň, esasanam, aýdym-saz sungatynyň ösmegine goşant goşdy. Şygyr dilini türkmen halkynyň ene diline ýakynlaşdyran, arap-pars täsirinden azat eden Magtymgulynyň şahyrana döredijiliginiň jemgyýetde peýda bolmagy we ýaýramagy şahyryň eserlerine esaslanýan täze özboluşly saz kompozisiýalarynyň döremegine sebäp boldy.
Açyk sapagyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri okaldy we olara teswir berildi.
Açyk sapagyň ahyrynda oňa gatnaşan talyplar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, nusgawy türkmen edebiýaty barada özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen halypa mugallyma ýüzlenip, olara giňişleýin jogap aldylar.