«Google» hyzmatlaryna giriş sahypasynyň dizaýnyny täzelär

«Google» öz ulgamlaryna, şol sanda «Gmail» elektron poçta hyzmatyna giriş sahypasynyň täze dizaýnyny tanyşdyrar.

 

Ulanyjylar: «Ýakynda täze interfeýs elýeterli bolar. «Google» ulgama giriş sahypasyny kämilleşdirýär we onuň görnüşini has döwrebaplaşdyrýar» diýen ýazgyly habary görüp bilerler.

 

Täzelenme kompaniýanyň döwür bilen aýakdaş gitmek maksady bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, interfeýsi minimalistik we internet ulanyjylary üçin has amatly etmek göz öňünde tutulýar.

 

Ol «Google Material Design» konsepsiýasynyň köp sanly aýratynlyklaryny öz içine alar. Bu on ýyl töweregi ozal tanyşdyrylan dizaýn dilidir.