Türkmen türgenleri suw sport görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Halkara sport ussady Merdan Ataýew, sport ussady Musa Žalaýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Anastasiýa Morginştern, sport ussatlygyna dalaşgär Aýnura Primowa Katar Döwletiniň paýtagtynda geçiriljek suw sport görnüşleri boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik edýärler.
Suw sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň beýleki iň gowy türgenleri ýetip gelýän dünýä çempionaty - Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary bilen baglanyşykly ýaryşlara gatnaşmazlyk kararyna geldiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ilkinji bolup 100 metr aralyga arkan ýüzmek boýunça Aýnura Primowa we Merdan Ataýew çykyş etdi. Doha şäherinde geçirilýän ýaryş öňümizdäki tomusda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin iň soňky saýlama ýaryşdyr.