Dünýäniň iň uzyn köprisi Hytaýda ýerleşýär

Pekinden Şanhaýa çenli ýokary tizlikli demirýol liniýasynyň bir bölegi bolan Hytaýdaky Danýan-Kunşan köprüsi, dünýädäki iň uzyn köprü diýlip ykrar edildi.

 

“IFLScience” portalyň habar bermegine görä, bu köprüniň uzynlygy takmynan 164,8 km bolup, ol birnäçe derýalardan, tüwi meýdanlaryndan şeýle hem birnäçe şäherlerden geçýär.

 

Köprü Ýanszy derýasynyň akymyna parallel hereket edýär. Ortaça beýikligi 100 metre ýetýär, ýöne käbir ýerlerde gämiler onuň aşagyndan geçip biler ýaly gurluş 150 metre çykýar.

 

Danýan-Kunşan köprüsiniň gurluşygy bary-ýogy dört ýyl dowam edip, 2011-nji ýylda tamamlandy. Taslama maýa goýumlarynyň mukdary 8,5 milliard dollara (ýa-da bir kilometre 51 million) barabar boldy. Gurluşykda ýüzlerçe müň tonna polat we 11,5 müň beton direg sarp edildi. Ýeri gelende aýtsak, köpri ýer titremelerine, taýfunlara we beýleki tebigy betbagtçylyklara çydamlydyr.