TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi

Duşenbe güni, 12-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi.

 

Daşarky bazarda Türkiýäniň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň telekeçileri «TPP D 30 S» hem-de «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni, dizel ýangyjyny, şeýle hem «TS-1» kysymly awiakerosini satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

 

Içerki bazarda türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni satyn aldylar.

 

Şeýle hem olar düz (float) aýna satyn almak boýunça Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

 

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 1 645 000 manatlyk we 17 835 000 dollarlyk 7 geleşik baglaşyldy.