Russiýanyň portlary ýanwar aýynda ýük dolanyşygyny 6,2 göterime azaldyp, 71 million tonna boldy

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda rus deňiz portlarynyň ýük dolanyşygy 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2% azalyp,71 million tonna boldy.

 

“Росморречфлот” telegram kanalynyň habar bermegine görä, gury ýük daşamagyň mukdary 32,8 million tonna (-5,8%), suwuk ýük bolsa 38,2 million tonna (-6.5%) boldy.

 

Arktika basseýniniň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygy 7,8 million tonna (-5,4%) bolup, olardan gury ýük daşamagyň mukdary 2 million tonna (-13,8%), suwuk ýük daşamagyň mukdary bolsa - 5,8 million tonna (-2.1%) boldy.

 

Baltika basseýniniň portlarynyň görkezijileri 21,6 million tonna (-4,3%) bolup, olardan gury ýük daşamagyň mukdary 17,7 göterime artyp, 9,7 million tonna ýetip, suwuk ýük bolsa11,9 million tonna (-17,0%) boldy.

 

Azow-Gara deňiz basseýniniň portlaryň ýük dolanyşygy 24 million tonna (-7.1%) bolup, olardan gury ýük daşamagyň mukdary 10,6 million tonna (-13,8%), suwuk ýük daşamagyň mukdary bolsa 13,4 million tonna (0. 9%) boldy.

 

Hazar basseýniniň portlarynyň ýük dolanyşygy 0,7 million tonna (1,6 esse ýokarlandy) bolup, olardan gury ýük daşamagyň mukdary 0,5 million tonna (2 esse ýokarlandy), suwuk ýük daşamagyň mukdary bolsa 0,2 million tonna (-0.3%) boldy.

 

Uzak Gündogar basseýnindäki portlaryň işiniň netijesi 16,9 million tonna (-9.1%) bolup, olardan gury ýük daşamagyň mukdary 10 million tonna (-14,5%), suwuk ýük daşamagyň mukdary bolsa 6,9 million tonna ( +0.2%) boldy.