Türkmenistan we Günorta Afrika Respublikasy işewür wekiliýetleriň özara saparlaryny guramagy meýilleşdirýär

Ilçi Batyr Rejepow Günorta Afrikanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Astana şäheri) Seýpelo Metýus bilen duşuşdy we şu ýyl üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy.

 

Hökümet we işewür toparlaryň saparlaryny guramak, abraýly halkara platformalarynda, şol sanda BMG-niň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak barada söhbet edildi. Taraplar şeýle hem, 2024-nji ýylda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki iş meýilnamasy barada ylalaşdylar.

 

Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, diplomatlar şeýle hem iki dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli iş alyp barmak netijesinde gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine syn berdiler.

 

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň we mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini bellediler.