«PRODEXPO 2024»: «Balam» abraýly serginiň altyn medallarynyň bäşisine eýe boldy
Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde tamamlanan azyk önümleriniň, içgileriň we önümçilik üçin çig mallaryň «Prodexpo 2024» atly halkara sergisinden gelip gowşan hoş habarda ýurdumyzyň konditer önümçiligi bilen meşgullanýan «Balam» kärhanasynyň ajaýyp üstünlikleri buşlanylýar. Telekeçi A.Begjanowa degişli bolan kärhananyň bäş ugur boýunça «Prodexpo 2024» sergisiniň altyn medallaryna eýe bolmagy bu ýerde öndürilýän konditer önümleriniň halkara giňişliginde ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Ilki bilen konditer önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan «Balam» kärhanasynyň 31-nji gezek geçirilýän «Prodexpo 2024» sergisiniň ýörite şahadatnamasy bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Kärhananyň sylaglarynyň üstüni onuň önümleriniň gazanan altyn medallary hem-de degişli sertifikatlary ýetirdi.
• «Zaman» — künjüli köke;
• «Zaman» — künjüli we kakaoly köke;
• «Balam» — gatlakly köke;
• «Ýürek» — wanil tagamly köke;
• «Balam» — krem-şokoladly kruassan.
Bu önümler «Iň gowy önüm – 2024» baýragynyň eýesi hökmünde altyn medallara hem-de ýörite sertifikatlara mynasyp boldy. Şeýlelikde, konditer kärhanasynyň «Prodexpo 2024» sergisinde gazanan medallary bäşe ýetdi. Bu üstünlik «Balam» haryt nyşanly önümleriň halkara giňişligindäki abraýyny artdyrdy.
Aslynda, «Balam» haryt nyşanly önümleriň ozal hem halkara bazarynda mynasyp ornuny tapandygyna ünsi çekmek gerek. Häzirki wagtda kärhananyň ajaýyp hem ýokary hilli önümleri Russiýa Federasiýasyna, Özbegistana, Gazagystana hem-de Täjigistana eksport edilýär. «Prodexpo 2024» sergisi bolsa konditer önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhananyň bu ugurdaky mümkinçilikleriniň has-da giňemegini şertlendirdi. «Balam» kärhanansy konditer önümlerini Gruziýa hem-de Azerbaýjana eksport etmek boýunça şertnamalary baglaşdy.
Konditer önümleriniň birnäçe görnüşini öndürýän kärhananyň bäş ugur — gatlakly kökeleriniň слоеное печенье), kruassanlaryň, süle kökesiniň (овсяное печенье), owranýan kökeleriň (песочное печенье) hem-de ýarym taýýar önümleriň (полуфабрикаты из тесто) önümçiligi bilen meşgullanýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Agzyňda eräp barýan bulkalar çörek we konditer önümleri ýurdumyzda hereket edýän «Kämil Market» dükanlarynyň torunyň, şeýle-de beýleki söwda nokatlarynyň üsti bilen watandaşlarymyza ýetirilýär.