Türkmenistanda gümrük işi ulgamynda hünärmenler taýýarlanylýar
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň işgärleriniň ilkinji taýýarlygy boýunça okuwlar başlady. Bu barada Türkmenistanyň gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
20 diňleýjiden ybarat topar 2 aýyň dowamynda gümrük işi baradaky binýatlyk bilimi alar, gümrük gözegçiligini guramak babatda maglumatlary özleşdirer, gümrük tölegleri, statistikasy ulgamynda habardarlygyny ýokarlandyrar. Şeýle hem olar gümrük işinde ulanylýan maglumat tehnologiýalary bilen tanşarlar.
Işgärleriň ilkinji hünär taýýarlygy Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň wezipeli işgärleriniň hünär derejesini kemala getirmegiň esasy bolup durýar. Bu maksatnama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkezi tarapyndan taýýarlanyldy.
Arkadag şäheriniň gümrükhanasynyň okuw merkeziniň ähli zerur tehniki serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.
Okuw tamamlanandan soňra diňleýjiler jemleýji synagy tabşyrarlar. Synagyň netijeleri işgäriň gümrük edaralarynda gullugyny mundan beýläk-de dowam etdirjekdiginiň ýa-da etdirmejekdiginiň görkezijisi bolar.