Türkmenistan halkara ýük daşalmagyna has amatly tölegleri girizýär

Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulaglary Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.

Bu baradaky karara Türkmenistanyň Prezidenti penşenbe güni gol çekdi. Çözgüt ulaglar ulgamynyň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň üstünden geçýän sebitleýin üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiligini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Hususan-da, ýygymlaryň ýük daşaýjylar üçin täze, has amatly ulgamy Aşgabat Ylalaşygyna (Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda) hem-de Lazuli ugry boýunça taslama (Owganystandan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, Kawkaza we Ýewropa) gatnaşyjy döwletleriň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Ulag we kommunikasiýalar agentliginde ORIENT-e düşündirişleri ýaly, tölegleriň peseldilmegi bu ugurlar boýunça ýük akymlarynyň hem-de sebitleýin söwdanyň möçberleriniň artdyrylmagyna itergi berer.

Hususan-da, ýurduň çägine gelýän tirkegler üçin ýygymlaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 150 dollaryna, üstaşyr barýan tirkegler üçin bolsa 100 dollara deň bolar. Resminama amallaryny bellige almagyň hem-de gümrük amallaryny, trekingi, ösümlikleriň karantin gözden geçirilişini we dezinfeksiýa taýdan işlenilmegini amala aşyrmagyň ýygymlary şu baha girýär.