“Huawei” smartfonlarynda hemra aragatnaşygyny has-da elýeterli etmek isleýär

“Huawei” kompaniýasy smartfonlarda hemra aragatnaşygynyň gerimini has-da giňeltmek we elýeterli etmek isleýär.

 

Mundan beýläk “Huawei” smartfonlarynyň P70 modeliniň ähli görnüşleri hemra aragatnaşygyny goldar.

 

Öňki “Mate 60” modelinde hemra aragatnaşygy diňe köne Pro we Pro + görnüşlerinde bardy. Habar berlişine görä, P70 modeliniň köne görnüşleri P70 Pro we P70 Art diýlip at berler.

 

Şeýle hem täze önümlerde 1.5K durulykdaky egri ekranlar bolar.

 

“Xiaomi 13 Ultra” smartfonunyň we “Xiaomi Pad 6” planşetiniň şu ýylyň aprel aýynda çykmagyna garaşylýar.