“Miras” žurnalynda halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hakynda

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal halkymyzyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça täze açyşlar, barlaglaryň netijeleri baradaky makalalary özünde jemleýär.

 

Neşiriň ilkinji sahypalarynda Türkmen alabaýynyň baýramy, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, täze — 2024-nji ýyl mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

 

Däp bolan “Täze ylmy açyşlar” bölüminde Hytaýyň Ninsýa uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işleýän professorynyň “Magtymgulynyň danalygy we beýikligi Çyn-Maçyna ýetdi” atly makalasy bar. Onda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň diňe bir türkmen halkyna däl-de, eýsem, bütin dünýä hem degişlidigi bellenilýär. Onuň eserleri hytaýly okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Hut beýik taryhy şahsyýetiň şygryýetine bolan çuňňur gyzyklanma Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysynyň hytaý diline terjime edilmegine we bu dostlukly ýurtda çap edilmegine getirdi. Hytaý professory makalasynda geçen ýylyň iýunynda Ninsýa uniwersitetinde Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan okuw maslahatynyň hem-de edebi agşamyň guralandygyny, olaryň çäklerinde mugallymlaryň, talyplaryň şahyryň ömri, döredijiligi barada bilýän zatlary we barlaglar barada pikir alşandyklaryny, akyldaryň goşgularyny hytaý, türkmen, rus dillerinde okandyklaryny belleýär.

 

Okuw maslahatynyň barşynda “Siz türkmen şahyry Magtymgula we onuň döredijiligine nähili düşünýärsiňiz we baha berýärsiňiz?” ady bilen kiçiräk sowal-jogap alyşmasy geçirildi. Onuň netijesinde, öz Watanyny we halkyny ýürekden söýen beýik şahyryň türkmen taýpalaryny agzybirlige çagyrandygy barada bir bitewi düşünjä gelindi. Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň şygyrlarynyň çuňňur pelsepesi hem-de mazmuny Gündogar ýurtlarynyň kuwwatly pelsepewi, medeni taglymatyndan gözbaş alýar. Beýik şahyryň eserlerinde beýan edilýän ýagşylyk-ýamanlyk baradaky düşünjeler, onuň ynsan durmuşyna içgin garaýşy, öwüt-nesihat häsiýetli filosofiýasy Gündogar pähim-paýhasynyň aýdyň jemlenmesidir. Şol sebäpli-de şahyryň şygyrlary hytaý okyjylaryna has ýakyndyr.

 

Makalanyň awtory Magtymgulynyň goşgularynyň türkmen milli ruhunyň hem-de türkmen halkynyň medeniýetiniň örän baý hazynasydygyny nygtaýar. Şahyr öz eserlerinde halkynyň hoşgylawlylyk, zähmetsöýerlik, gujur-gaýratlylyk, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik ýaly ajaýyp sypatlaryny açyp görkezýär. Magtymgulynyň şygryýeti halkyň synmaz milli ruhy barada çuňňur düşünje berýär. Onuň goşgulary türkmen milli gylyk-häsiýetleriniň hem-de türkmen ruhunyň kemala gelmeginde hemişe möhüm orun eýeledi. Şeýlelikde, Magtymgulynyň şygryýeti häzirki döwrüň hytaý ýaşlaryna türkmen halkynyň milli ýörelgeleri, Türkmenistanyň medeniýeti bilen has içgin tanyşmaga ýardam berer. Geçen birnäçe asyryň dowamynda tutuş dünýäniň hem-de durmuş gurşawynyň düýpgöter özgerendigine garamazdan, beýik akyldar şahyryň we onuň şygryýetiniň umumadamzat ähmiýeti peselmän has-da belende galýar, Magtymgulynyň öňe süren garaýyşlary sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelmegi, bitewi, mizemez milli döwletiň gurulmagy üçin has gymmatly ruhy binýada öwrüldi.

 

Žurnalyň agzalan bölüminde “Soltan Sanjaryň syýasy-diplomatik ýörelgeleriniň binýatlyk ähmiýeti” atly makala hem ýerleşdirilipdir. Onda Beýik Seljuk imperiýasynyň meşhur soltanynyň Gündogaryň orta asyr taryhynda möhüm orun eýeländigi aýdylýar. Türkmen halkynyň döwletliliginiň kemala gelmeginiň ýyl ýazgysy halkara gatnaşyklary, daşary syýasaty we diplomatiýany alyp barmagyň çuňňur däplerine şaýatlyk edýär. Şunda parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk, bitaraplyk, urşuň we gapma-garşylyklaryň öňüni almaga synanyşyklar binýatlyk ýörelgeler bolup durýar. Bu ýörelgeleriň ählisini diplomatiýanyň seljuk usulynda görmek bolýar. Kuwwatly imperiýanyň ägirt uly giňişliklerinde parahatçylygy üpjün etmegi, jemgyýet bitewüligini saklamagy türkmenleriň döwleti dolandyrmak sungatyny kämil derejä çykarandyklaryny görkezýär.

 

Döwleti dolandyrmak işi, hojalygy ýöretmek, salgyt ulgamy, parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky meseleler umumymilli ýygnak hasap edilýän toýlarda ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Oňa tire-taýpalaryň, sebitleriň ähli han-begleri gatnaşypdyr. Soltan Sanjaryň kakasynyň hem-de atasynyň weziri bolan Nyzamylmülk özüniň “Syýasatnama” atly kitabynda: “Akyldarlar bir ýere jem bolanda, döwlet üçin iň bir haýyrly çözgüt kabul edilýär” diýip belläpdir. Seljuk soltanlary urşa ýol bermezlik maksady bilen, garşydaşlaryna ilçi ýollapdyrlar. Sanjaryň Gündogar syýasatynyň esasy maksady bir hökümdara uýup, bitewülik we bölünmezlik taglymatyny durmuşa geçirmek bolupdyr. Goňşular bilen parahatçylykly gatnaşyklary saklamak maksady bilen, seljuklar daşary syýasatyň ähli gurallaryny, şol sanda hökümdar nebereleriniň arasyndaky nikalaşmalary hem işjeň ulanypdyrlar. Bu, öz gezeginde, döwlet bitewüligini has-da pugtalandyrypdyr. Sanjaryň pähim-paýhasly diplomatiýasy netijesinde esasy bölegi seljuklaryň gözegçiliginde bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda halkara söwda işjeňleşýär.

 

Okyjylaryň ünsi “Türkmen halk döredijiliginde “Zöhre-Tahyr” ýordumy” atly gyzykly makala çekilýär. Ol oguz türkmenleri tarapyndan döredilen eserlere, hususan-da, “Zöhre-Tahyr” dessanyna, bu ugurda dürli ýurtlaryň alymlarynyň ylmy işlerine bagyşlanýar. Diňe bir türki dilli halklaryň arasynda däl, eýsem, Hindistanyň we arap dünýäsiniň halklarynyň arasynda-da meşhurlyga eýe bolan bu dessanyň sýužeti esasynda rowaýatlar, ertekiler, aýtgylar, halk dessanlary döredilipdir. Dessanda ýaş aşyk-magşuklar Zöhre bilen Tahyryň söýgi hekaýaty barada söhbet edilýär. Olar bile ösüp ulalýarlar. Olaryň kakalary — han we onuň weziri çagalaryny dünýä inmezinden ozal adaglamagy ant içýärler. Weziri aradan çykandan soňra, han gyzyny weziriň ýetim galan ogluna bermek pikirini üýtgedýär we ýigidi sandyga salyp, derýa oklamagy buýurýar. Ýöne Tahyr bu ýagdaýdan halas bolýar, kynçylykdan doly sergezdanlykdan soň iline dolanyp gelýär. Emma Zöhräni başga bir baý ýigide beripdirler. Tahyry jezalandyranlaryndan soňra, gyz hem öz janyny gurban edýär.

 

Bu makalada “Zöhre we Tahyr” dessanynyň äheňinde döredilen türkmen rowaýatlarynyň, ertekileriniň bäş görnüşi getirilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, dessanyň many-mazmuny oguz türkmenleriniň döreden ýordumlary bilen sazlaşýar. Has anyk aýdylanda, bu ýordum ilki türkmenleriň halk döredijiliginde peýda bolup, soňra ýuwaş-ýuwaşdan goňşy halklaryň döredijiligine hem aralaşypdyr. Şu äheňde döredilen ertekiler, rowaýatlar, halk dessanlary özbek, gazak, türk, tatar, başgyrt, uýgur, azerbaýjan we beýleki türki halklaryň döredijiliginde hem gabat gelýär. Kyssa bilen şygryýetiň gezekleşdirilip getirilmegi bu eserleriň häsiýetli aýratynlygydyr.

 

Žurnalyň “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölümi “Türkmenleriň durmuşynda etnografik däp-dessurlar” atly makala bilen açylýar. Mälim bolşy ýaly, milli medeni miras, däp-dessurlar islendik halkyň taryhy ykbalynyň möhüm bölegidir. Ata-babalarymyzyň kemala getiren bu ýörelgeleri ýaşaýyş-durmuş tejribelerini, ýagşylyk-ýamanlyk hakyndaky pelsepewi garaýyşlary özünde jemleýär. Ruhy gymmatlyklarymyzy giňişleýin öwrenmek, olar barada täze döwrüň nesillerini habardar etmek ylmyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Makalada mysal hökmünde çaganyň galpak saçyny syrdyrmagyň ene tarapyna, ýagny daýysyna ynanylmagynyň sebäpleri toplanan etnografik maglumatlaryň esasynda seljerilýär. Ýaşuly nesliň aýtmagyna görä, bäbek üçin janyndan jan beren enesiniň ýakynlygy atasyndan gylyç boýy artykdyr. Şol sebäpli-de, enäniň hossarlary bäbek üçin iň ýakyn adamlar saýylypdyr. Ene perzendini öz garyndaşlaryna has arkaýyn ynanypdyr.

 

Şeýle ynanç hem bar: irki döwürlerde durmuşa çykan zenana atasy öýüne gelip-gitmek kyn bolupdyr. Doganlar we uýalar örän seýrek duşuşypdyrlar. Hossarlaryny küýsän ýaş gelin ýörite usuly tapypdyr. Ol degişli sowgatlary taýýarlap, olary gelip alyp gitmegini doganyna haýyş edipdir. Birnäçe gün geçýär, gelniň dogany bolsa henizem gelmeýär. Şonda gelin öz doganyna oguljygynyň ýaramaýandygy, munuň üçin onuň kömeginiň gerekdigi barada habar ýollaýar. Habary eşidip, erkek dogany haýal etmän uýasynyň ýanyna gelýär. Uýasynyň oguljygynyň sagalmagy üçin, ilki bilen, onuň saçyny syrýar. Çünki çile saçy çaga agyr bolýar, ony eýikdirmeýär diýen ynanç bar. Çile saçy aýrylan çaga derrew sagalyp gidipdir. Perzendiniň gutulyp gitmegine daýysynyň sebäp bolandygy üçin naçar dogan çaganyň başyndan aýrylan saçynyň agramyna görä kümüş berip, erkek doganyny serpaýlapdyr. Şondan bäri çaganyň ilkinji saçyny daýysyna aldyrmak, ony kümüş bilen serpaýlamak däbe öwrülipdir.

 

Şeýle hem makalada gadymy döwürlerden bäri zenanlaryň aýratyn bezegi bolan örüm saçlar bilen baglanyşykly däp-dessurlar, wakalar, pursatlar beýan edilýär. Kiçijik gyzlardan başlap, uly gyzlara, umuman, zenanlara bezeg berýän saçlaryň ösüşi we berkligi olara dogry ideg edilişine, arassalygyna baglydyr. Ene-mamalarymyzyň aýtmaklaryna görä, örüm-örüm saçlar zenan mertebesiniň we gözelliginiň nyşanydyr. Saçlaryň gür hem-de uzyn bolmagy üçin çagalykdan başlap, olara gowy seredilipdir, dürli şaý-sepler bilen bezelipdir. Türkmen şahyrlarynyň köp eserleri ýakymly we tolgundyryjy duýgulary oýarýan syýa saçlara bagyşlanandyr.

 

Žurnalyň bu bölüminde ýerleşdirilen “Türkmen sopuçylyk edebiýaty we Hoja Ahmet Ýasawy” atly makalada musulman dünýäsiniň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň esasynda kemala gelen barlyga hem bakylyga akyl ýetirmegiň dünýägaraýyşlar ulgamy bolan ynanç-ygtykat taglymaty barada gürrüň berilýär. Sopuçylyk, esasy maksady ýowuzlyga garşy göreşýän, ony arassa ýol bilen ýeňmäge çalyşýan edep-ekramly, hoşniýetli we päk adamy kemala getirmegi wezipe edinýän edebiýatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Umuman, sopuçylyk ruhy we beden päkligine, hoşniýetlilige, ynsanperwerlige bolan ymtylmadyr.

 

Hoja Ahmet Ýasawy şahyr, beýik akyldar, sopuçylygyň «Ýasawyýa» tarykatyny esaslandyran ilkinji sopy-alym bolupdyr. Bu ýolda öz ýagdaýyna garamazdan, her bir sopy dürli derejelere ýetýär we bir ýagdaýdan başgasyna geçmek arkaly öz-özüni kämilleşdirýär. Şeýle sopular gysga wagtyň içinde baý tejribä eýe bolan, beýlekilere ugur-ýol salgy bermäge ukyply baý ruhy güýji bolan şahsyýetlere öwrülýärler. Şeýle şahsyýetleri “şyh”, “mürşid”, “pir”, “sopy-derwüş” diýip atlandyrýarlar. Ýasawylyk ýolunyň derwüşleriniň wezipeleri adamlara dünýäniň amanatdygyny, baýlygyň wagtlaýyndygyny, arassa ruh we ajaýyp adamkärçilik arkaly bakylyga eýe bolup bilinjekdigini düşündirmekden ybarat bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eserinde sopuçylygyň hem-de Hoja Ahmet Ýasawynyň ýatlanylmagy bu beýik alymyň ömür ýoluny we eserlerini düýpli hem-de dürs öwrenmek üçin badalgadyr.

 

Neşiriň nobatdaky sany “Ylmy we medeni durmuş habarlary” atly bölüm bilen tamamlanýar. Onda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň soňky çärýeginde Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy-medeni durmuşynda bolan wakalara syn berilýär. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş ugurly, giň gerimli maksatnamalaryň aýdyň beýany döwürleýin yzygiderlilikde şöhlelendirilýär.

 

Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çap ediş usulynda neşir edilen “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany owadan çeperçilik bezegleri, häzirki zaman sungat ussatlarynyň fotosuratlary, tapylgysyz muzeý, arhiw gymmatlyklarynyň şekilleri, kartografik suratlar bilen bezelipdir. Olar žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalara goşmaça many we öwüşgin berýär.