Arkadag şäheri BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE saparynyň we Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde 13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentini ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Jou Siýong bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Arkadag şäheriniň gurluşygynda, hususan-da lukmançylyk klasterini döretmekde UNIDO-nyň tejribesiniň ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Germaniýanyň “Goetzpartners Emerging Markets” kompaniýasynyň Arkadag şäheriniň senagat zolagynda azyk, derman we lukmançylyk önümleri öndürýän klasteri döretmek taslamalary boýunça konsalting hyzmatlaryny berjekdigi ozal habar berlipdi.