Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi bilen Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy hanym M.Gonaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösmeginiň dowam etdirilmegi, köp asyrlyk däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny bellediler.
Köp ýyllyk tejribesine eýerýän we ony berkitmäge mümkinçiligi bar bolan medeni-ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygyny nygtaldy.
Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini gürrüň berdi hem-de hanym M.Gonaşwilini bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri bilen tanyşdyrdy.
Taraplar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek, beýik şahyryň goşgularyny gruzin diline terjime etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen, hanym M.Gonaşwili munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gruziýanyň giň okyjylar jemgyýetiniň has giňişleýin tanyşmagyna, şeýle hem ynsanperwer gepleşikleriň, dostluk gatnaşyklaryň we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň özara düşünişmeginiň mundan beýläk hem berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.