Amerikan işewür toparynyň Türkmenistana nobatdaky sapary şu ýylyň dowmynda amala aşyrylar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen 12-nji fewralda duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem Geňeş tarapyndan şu ýyl teklip edilen bilelikdäki iş meýilnamasynyň guramaçylyk we amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

 

Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi M.Orazow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Amerika ýurtlary bölüminiň başlygy, Ilçi Ç.Ataýew, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşiň agzalary bolan “"John Deere", "Case New Holland", "Boeing", "Exxon Mobil", "General Electric", "Climate Compass", "Zeppelin", "UGT Renewable", "Caterpillar", "Oxbow" we "Honeywell" amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmegiň zerurlygy nygtaldy, bu babatda maýa goýum, maliýe we bank, oba hojalygy, nebit we gaz, ulag, logistika we tehnologiki ugurlara aýratyn üns berildi. Şu ýylyň dowamynda Amerikanyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak barada pikir alyşdy.

 

Türkmenistan-ABŞ işewürler geňeşiniň Türkmenistana soňky sapary geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda guralypdy.

 

Şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimou öz ýurdunyň Türkmenistan-ABŞ işewürler geňeşini ABŞ-nyň Türkmenistandaky Söwda palatasyna özgertmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.