Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Ýerewanda surat sergisi açyldy
Ermenistanyň paýtagtynda beýik Gündogaryň beýik nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp surat sergisi açyldy. Ol Türkmenstanyň diplomatik wekilhanasy we Ermenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýerewandaky ilçihanasy habar berýär.
Ermenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň başlygy Suren Safarýan we Türkmenstanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Muhammetgeldi Aýazow serginiň myhmanlaryna gutlag sözleri bilen ýüzlendi. Serginiň şu ýylyň şygarynyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna geçirilýändigi bellenildi.
Sergi Sarýanyň adyny göterýän zalda geçirilmeginiň hem aýratyn manysy bar. Sebäbi 20-nji asyryň beýik ermeni suratkeşleriniň biri Martiros Sarýan 1934-nji ýylda Türkmenistana baryp, bu ýeriň durmuşyna degişli birnäçe surat eserlerini döredipdir. Olarda suratkeşiň Gündogar medeniýetine we durmuşyna bolan söýgi aýdyň duýulýar. Sergi 14-nji fewralda hem dowam eder.