"Demir" guşlar asmana gaýdyp gelýärler
Pandemiýadan öňki we soňky döwür hut iki sany paralel äleme öwrülen ýaly boldy – kowidden ozalky ýagdaý hemmeleriň ýadynda, indi bolsa durmuşyň täze bir ýagdaýyna - “post-kowide” öwrenişmäge synanyşýar. Zeper ýeten dünýä ykdysadyýeti we adamzat durmuşynda bolup geçen üýtgeşmeler kem-kemden ozalky ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Bu ulag pudagyna hem degişlidir, hususan-da raýat awiasiýasy kem-kemden “ganatlaryny ýaýyp” we asmana göterilýär.
Iki ýyllyk arakesmeden soň, 2020-nji ýylyň baharynda halkara gatnawlaryny togtadan "Türkmenistan" awiakompaniýasy hem daşary ýurtlara ýolagçy gatnawlaryny dikeltmäge başlady we bu ugurda işlemegini dowam etdirýär.
Şu ýylyň maý aýynda “Türkmenhowaýollary” BAE-ne - Dubaýa we Russiýanyň Kazan şäherine uçuşlary gurnap başlady, tomus we güýz aýlarynda bolsa howa gatnawlarynyň tertibiniň üsti Germaniýa (Frankfurt am Main), Türkiýe (Stambul), Belarussiýa (Minsk), Russiýa (Moskwa) ýaly ýurtlar bilen dolduryldy. "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň halkara ugurlara uçarlarynyň Aşgabatdan ugraýandygyny bellemelidiris, olaryň uçuş tertibini 085 belgä jaş edip, howa menziliniň maglumat gullugyndan alyp bilersiňiz.
Ýurdumyza daşary ýurt howa gatnawçylary - degişlilikde Minske we Moskwa yzygiderli gatnawlary amala aşyrýan Russiýanyň S7 Airlines we Belarussiýanyň «Белавиа» awiakompaniýalary hem gaýdyp geldiler. Türk Howaýollary (Turkish Airlines) Türkmenbaşy we Stambul şäherleriniň arasynda hepdede iki gezek çarter uçuşlaryny amala aşyrýar.
Türkmenistandan daşary ýurt awiakompaniýalary tarapyndan dolandyrylýan uçuşlar barada jikme-jik maglumaty S7 Airlines, «Белавиа» и Turkish Airlines awiakompaniýalarynyň wekilhanalaryndan almak bolar.
Raýat awiasiýasy diňe tutuş dünýä boýunça çalt hereket etmegiň usuly däl, eýsem döwlet gaznasyna ep-esli girdeji getirýän möhüm ulag pudagydyr. Şonuň üçin, Türkmenistan halkara howa gatnawlarynyň sanyny kem-kemden artdyrar we daşary ýurtlara gidýän ugurlaryň sanyny “COVID-den öňki” ýagdaýa getirer, hatda täze şäherleri goşmak bilen, türkmen uçarlarynyň uçuşlarynyň geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär.