Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 35 ýaşa çenli raýatlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň web-saýtynda habar berilýär.

 

Bäsleşige gatnaşýanlar özleriniň taýýarlan mobil programmalaryny, web sahypalaryny, innowasion ykdysady ulgamlaryň modellerini, kiberhowpsuzlyk, biotehnologiýa, maglumat tehnologiýasy, lukmançylyk, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky täzeçil pikirlerini hödürläp bilerler. Hödürlenilýän ylmy aslamalarda tehniki täzelik ýa-da ýokary öndürijilikli ösen tehnologiýa bolmaly.

 

Bäsleşigiň birinji tapgyry şu ýylyň 1-nji apreline çenli geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin “Google-form” platformasynda degişli sowalnamany dolduryp tabşyrmalydyr. Iberilen işiň gysgaça mazmunly prezentasiýasy (mümkin bolsa, wideoýazgysy) 1-nji maýa çenli tabşyrylmalydyr. Bäsleşigiň netijeleri 20-nji maýda yglan ediler.

 

Bäsleşigiň birinji tapgyrynyň ýeňijileri 5-10-njy iýun aralygynda ýurduň öňdebaryjy tehnologiki uniwersitetinde guraljak taslama sergisine gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatda gymmatly baýraklar gowşurylar.

 

Giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.