2023-nji ýylda iň köp jahankeşde baran şäherler belli boldy

2023-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäniň iň köp jahankeşde baran şäheri Stambul boldy. Beýik Britaniýanyň «Euromonitor International» kompaniýasynyň seljerijisiniň aýtmagyna görä, bu türk şäherine 20 milliondan gowrak adam baryp gördi.

 

Stambulyň myhmanlarynyň artmagyny şeýle hem ABŞ-nyň we Kanadanyň raýatlary üçin wiza düzgüniniň ýonekeýleşdirilmegi bilen baglaýarlar.

 

Sanawda ikinji orny London eýeledi, britan paýtagtyna 18 million 800 müň adam bardy. Üçünji orunda Dubaý ýerleşdi diýlip, habarda aýdylýar.