Türkmen bilermenleri "Sebitde özara baglanyşygy üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmegiň ýagdaýy we geljegi" atly onlaýn-maslahata gatnaşdylar.
Bu örän möhüm mesele baradaky gürrüň Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty tarapyndan başlandy. Ara alyp maslahatlaşmaga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň (Fridrih Ebert adyndaky gazna) öňdebaryjy seljeriş merkezleri çagyryldy. Türkmenistana DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik gözleg merkezi (HGI SGM), awtoulag we demir ýol edaralarynyň hünärmenleri hem-de “Türkmen Logistika” assosiasiýasy wekilçilik etdi.
Soňky döwürde, aýratyn-da, pandemiýadan soňky wagtda ulag babatda özara baglanyşyklylyk baradaky meselä aýratyn üns bilen garalýar, ol ýurtlar, sebitler hem-de dünýä ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýetli mesele hökmünde ýokary derejeli halkara forumlarda we duşuşyklarda gozgalýar. Merkezi Aziýa üçin ol örän uly wajyp häsiýete eýedir, çünki sebitiň ýurtlary geografik taýdan ýerleşiş nukdaýnazaryndan açyk suwlara çykalgasy ýokdur we şunuň bilen baglylykda, iri ählumumy sarp ediş bazarlaryna erkin çykyp bilmeýärler.
Şunuň bilen baglylykda Merkezi Aziýa ýurtlary ep-esli derejede üstaşyr we ulag çykdajylaryny çekýärler, bu bolsa önümiň eksport bahasynyň 70-80% -ine ýetýär. Umuman, bilermenleriň baha bermegine görä, sebitde ulag babatda özara baglanyşygy gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çemeleşmäniň bolmazlygy sebitiň jemi içerki önüminiň ösüşini 15% çäklendirýär.
Şol bir wagtda-da, pandemiýa we onuň täsirleri, logistika halkalaryň bölünmegi, halkara deňiz portlarynyň işleriniň mümkinçiliginden aşmagy, Sues kanalynyň geçirijilik ukybynyň möwrütini geçirmegi/peselmegi adaty ulag-üstaşyr we logistika ulgamlarynyň hereket ediş tertibini bozdy. Mundan başga-da, Russiýa we Belarus babatda syýasy taýdan çäre görülmegi demirgazyk ulag geçelgeleriniň mümkinçilikerini çäklendirýär, şol geçelgeler arkaly MA ýurtlarynyň harytlarynyň köp bölegi daşalýardy.
Emele gelýän täze ulag-logistika ulagmynda halkara derejesinde ulaglar arkaly daşalmakda düýpli özgertmeler geçýär hem-de ýükleri ibermegiň täze alternatiw ugurlary gözlenilýär. Munuň özi, bir tarapdan, töwekgelçiliklere getirýär, beýleki tarapdan bolsa ozal ulanylmadyk mümkinçilikleri açýar. Şeýle şertlerde hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen, bilermenler derejesindki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge isleg artdy.
Hususan-da, gürrüň Hazarüsti ugur, “Merkezi Aziýa-Pars aýlagy”, “TRASEKA” we beýlekiler ýaly ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy barada barýar. Daşary söwda ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebiti yklymyň ulag aragatnaaşygyna has işjeň goşmaga umumy çemeleşmeleriň işlenilip taýýarlanylmagy Merkezi Aziýany halkara ulag-logistika merkezine, “Demirgazyk-Günorta” we “Günbatar-Gündogar” ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwürmäge ýardam bermelidir.
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň SGM-niň direktory Şiri Şiriýew maslahatda eden çykyşynda bu ugurda ýurdunyň alyp barýan tagallalaryna kärdeşleriniň ünsüni çekdi. Ol täze mysal hökmünde ýakynda Astanada türkmen-gazagystan gepleşikleriniň barşynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň mümkinçiliklerini öňe ilerletmek, Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda bilelikde işlenilmegini çuňlaşdyrmak hakynda gazanylan ylalaşyklary görkezdi.
Ýakynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinde hem ulag ulgamy özara gatnaşyklaryň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Iki döwletiň Baştutanlary Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlary boýunça, şol sanda Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geçelgeleri işjeň ösdürmegi ylalaşdylar.
Şeýle hem Şiri Şiriýew şu aýyň başynda Tähranda ministrleriň Eýran-Merkezi Aziýa altytaraplaýyn duşuşygynyň geçirilendigini, şonuň netijeleri boýunça resminama gol çekilendigini ýatlatdy. Şol resminama Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşalyşynyň möçberini 20 million tonna çenli artdyrmaga gönükdirilendir. Umuman, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda Merkezi Aziýa we Hazar giňişliginiň sebitine strategik durnuklylygyň, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin, yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr baglanyşdyryjy bolmagyň berk halkasy hökmünde garamagy durýar.
Öz nobatynda, «Turkmen Logistika» assosiasiýasynyň halkara gatnaşyklary boýunça hünärmeni Geldimyrat Amanow maslahatda çykyş edip, awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Ählumumy üstaşyr resminamanyň işe girizilmek ýagdaýyny Aşgabat prosesiniň çäklerinde ibermeleriň dünýä derejeli halkalaryny sanlylaşdyrmaga uly goşant hökmünde görkezdi.
Halkara ulag geçelgesiniň sanly konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi logistika taýdan özara baglanyşyklylygy artdyrmaga, bu ulgamda ýakynlaşmagyň täze mümkinçilikleriniň açmaga, özara hem-de sebitleýin haryt dolanyşygyny ösdürmäge mümkinçilik berer.
«Turkmen Logistika» 150-den gowrak kompaniýalary özünde birleşdirýär. Olaryň işiniň netijeleri ýurdumyzyň üstünden üstaşyr ýük akymlaryny artdyrmakdan ybarat bolup, olaryň mümkinçilikleri we tejribeleri bolsa tehniki taýdan islendik çylşyrymly bolan daşamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, “Beýik Ýüpek ýoly” kompaniýasy tarapyndan azot kislotasyny öndürýän toplumyň gurluşygy üçin uly agramly enjamlaryň Türkmenbaşy deňiz portundan Özbegistana daşalmagy guraldy.
Onlaýn-maslahatyň netijeleri boýunça bilermenler tarapyndan ulag-üstaşyr we logistika ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikde anyk teklipler işlenilip taýýarlanyldy.