Gyrgyzystanyň Hökümeti elektron iş tertibine geçer
Gyrgyzystanyň Hökümeti elektron iş tertibine geçer. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparow "Kabar" habarlar agentligine beren metbugat beýanatynda aýtdy.
“Ýakyn wagtda Hökümetiň işini elektron görnüşe doly geçireris. Işgärler ministrlikler bilen edaralaryň arasynda kagyzlar bilen işlemegiň ýerine elektron resminamalary ulanmaly bolarlar " diýip, ol aýtdy.
Hökümetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini doly sanlylaşdyrmak raýatlaryň döwlet hyzmatlaryny almagyny çaltlaşdyrar we ozal sarp edilýän zatlara gidirilýän pullary tygşytlar.
Respublikanyň Baştutanynyň sözlerine görä, kagyz, ruçka we galam üçin býujet çykdajylary ep-esli azaldy. Şeýlelikde 2022-nji ýylda bu zatlara 441 million som sarp edilen bolsa, geçen ýyl bu görkeziji 230 million soma çenli azaldy.