Türkmenistanyň Baş konsuly Kazan Federal uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew Kazan (Priwolžsk) federal uniwersitetiniň Filologiýa we medeniýetara aragatnaşyk institutynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy habar berýär.

 

Duşuşyga gatnaşyjylar bilen duşuşmak bilen Baş konsul Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýän şu ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

 

Söhbetdeşligiň barşynda Baş konsul beýik türkmen we dünýä edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyryň şygryýetiniň ölmez-ýitmezdigini, onuň çuň paýhasa ýugrulandygyny belledi.