Russiýanyň Transmaşholdingi Türkmenistana bäş sany ýük teplowozlaryny ugratdy

Brýanskiniň maşyngurluşyk zawody (“Transmaşholding” PJ-niň düzümine girýär) türkmen döwlet demir ýol operatoryna – “Demirýollary” AGPJ-ne 2TE25KM magistral ýük teplowozlarynyň bäşisini ugratdy diýlip, rus öndürijisiniň saýtynda habar berilýär.

Transmaşholding 2022-nji ýylyň awgustynda baglaşylan şertnamany ýerine ýetirdi.

Brýanskiniň maşyngurluşyk zawodynyň ýük lokomotiwleri Türkmenistanda eýýäm bellidir. 2021-nji ýylda “Demirýollary” kompaniýasy işleýşinde özüni örän oňat tarapdan görkezen bir teplowoz satyn aldy.

“Demirýollaryň” wekilleri Brýanskiniň tehnikasynyň hilini we ygtybarlylygyny bellediler hem-de Transmaşholdingiň täze işläp taýýarlamalaryna gyzyklanma bildirdiler we BMZ bilen kompaniýanyň lokomotiw binýadyny täzelemek hem-de giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.

2TE25KM magistral ýük teplowozy 1520 mm ölçegli demir ýollaryň elektrikleşdirilmedik ugurlarynda uly möçberli ýükleriň daşalmagyny netijeli guramaga mümkinçilik berýär. Şu tapgyrdaky tehnikalar BMZ-nda 2014-nji ýyldan bäri öndürilýär hem-de çylşyrymly ýol böleklerinde dürli tebigy-howa şertlerinde (şol sanda gury we yssy howasy bolan künjeklerde) ajaýyp iş häsiýetini görkezdi.