Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň halkara ulag gatnawlaryndaky orny
2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda USAID-yň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň goldawy bilen “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we CILT Merkezi Aziýa tarapyndan gurnalan “ Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýanyň eksport edýän taraplary üçin üstaşyr merkez hökmünde orny” atly tegelek stoly geçirildi.
Tegelek stola Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksport edijileri, ýük daşaýjylar, ekspeditorlary, Merkezi Aziýanyň logistika kompaniýalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri, «Türkmenistanyň Ulag-Logistika Merkezi» AGPJ, Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrligi, Hökümetara Komissiýa TRACECA, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrligi, şeýle hem sebitiň pudak birleşikleri gatnaşdylar.
Çäräniň maksady, Türkmenbaşy halkara deňiz porty tarapyndan hödürlenýän hyzmatlardan habarlylygy ýokarlandyrmak, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr gatnawy köpeltmek, gatnaşyjylary Merkezi Aziýa ýurtlary bilen beýleki ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňeltjek alternatiw ýük daşaýjylaryň ýollary bilen tanyşdyrmakdyr.
Tegelek stoluň dowamynda harytlary daşamak bilen baglanyşykly amaly meseleler, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen daşamak, ulag meýilnamalary we nyrhlary, ekspeditorçylyk hyzmatlary, logistika hyzmatlary, resminamalary hasaba almak we üstaşyr proseduralary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.