Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda täze serhetden geçiş nokady açylar

«Trend» tarapyndan berlen habarda häzirki wagtda Özbegistanyň Namangan sebitiniň Uçkurgan etrabynda Özbegistany Gyrgyzystan bilen birleşdirjek «Uçkurgan» atly serhet gümrük nokadynyň gurluşygynyň dowam edýändigi aýdylýar. Gurluşygy alnyp barylýan gümrük nokady «Buston» mahallasyndaky Uçkurgan — Madaniýat ýolunyň 10-njy kilometrinde ýerleşýär.

 

Şuňa meňzeş işler Gyrgyzystanyň Jalal-Abad sebitiniň Nooken etrabynyň Kiziltuu obasynda ýerleşýän «Kengsaý» serhet gümrük postunda-da alnyp barylýar. Şeýle işler Gyrgyzystanyň Jalal-Abad welaýatynyň Nooken sebitiniň Kiziltuu obasynyň çäginde ýerleşýän «Kengsaý» serhet gümrük nokadynda-da alnyp barylýar. «Uçkurgan» we «Kengsaý» serhet gümrük nokatlarynyň 2024-nji ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýär.