Belarus Russiýanyň çäginde demir ýol gatnawlarynda 40 göterim arzanladyş aldy

Belarus Respublikasy üçin Russiýanyň çäginde demir ýol gatnawlarynda 40%-e çenli arzanladyş yglan edildi, bu barada respublikanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

 

Belarusyň Ulag ministrliginiň geňeşiniň mejlisinden soň çap edilen habarda Russiýa tarapy bilen demir ýol gatnawynda "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesi şeýle hem, Sankt-Peterburgdaky porty ugry boýunça arzanladyş (10-40% mukdarda) kesgitlemek barada ylalaşyk gazanylandygy habar berilýär.