BMG-niň Poçta müdirligi aždarha ýylyna bagyşlanan tematiki möhürleri hödürledi

BMG-niň Poçta müdirligi Aý senenamasyna laýyklykda, Täze aždarha ýylynyň gelmegine bagyşlanan tematiki möhürleri hödürledi. Bu möhüriň şekili hytaýly suratkeş Tan Pan tarapyndan döredildi. Birleşen Milletler Guramasy her bahar baýramy üçin şeýle toplumlary çykarýar.

 

«Bu bize üstünlik getiren täze bir görnüş boldy, ajaýyp şekilleri hemmeler halady. Markalarymyz hatly bukjalaryň burçlarynda dünýä syýahat edýän kiçijik ilçiler ýaly görünýär» – diýip, BMG-niň Poçta müdirliginiň grafika we aragatnaşyk bölüminiň başlygy Serhio Baradat belläp geçýär.

 

Geçen ýylyň ahyrynda Bahar baýramy BMG-niň baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi – bu karar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde kabul edildi.