ABŞ emeli aňyň kömegi bilen döredilen oýlap tapyşlara patent berer – ýöne...

Amerikanyň Birleşen Ştatlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen oýlap tapyşlara patent berer. Bu ýagdaýda oýlap tapyjy diňe adam bolup biler.

 

ABŞ-nyň patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (United States Patent and Trademark Office USPTO) patent bermek üçin emeli aňyň gatnaşmagynda döredilen taslamalara adamyň goşýan goşandynyň ähmiýetini kesgitlemegiň düzgünlerini düşündirdi.

 

«Emeli aňy ulanmak arkaly oýlanyp tapylan oýlap tapyşlar boýunça gollanma» diýlip atlandyrylan resminamada: «Emeli aň bilen döredilen oýlap tapyşlar düýbünden patentlenmese-de, oýlap tapyş prosesiniň derňewi adamyň goşandyna gönükdirilmelidir, çünki patentler adamyň oýlap tapyjylygyny höweslendirmek we sylaglamak üçin hyzmat edýär» diýlip, bellenilýär. Resminama jemgyýetçilik pikir alyşmalarynyň netijelerine esaslanyp taýýarlandy: raýatlardan bu mowzuk boýunça 11 soraga jogap berilmegi haýyş edildi, 2023-nji ýylyň fewral aýynda bolsa USPTO teklipleriň taslamasyna teswirleri kabul edip başlady.

 

Emeli aň ulgamlary özbaşdak patent alyp bilmeýärler – degişli kanun oýlap tapyjynyň diňe fiziki şahs bolup biljekdigini kesgitleýär.

 

Resminamada emeli aň üçin wezipeleriň emele getirilmegine möhüm goşant goşan dalaşgäre hem patentiň berlip bilinjekdigi tassyklanýar. Şeýle hem edara arza berijiden emeli aňyň oýlap tapyşa gatnaşygy baradaky maglumatlary bermegini talap etmeýär.