Abu-Dabide geçýän okuw maslahatynyň çäginde türkmen eminleri ýoldaşlyk duşuşygyna eminlik etdiler

Şu günler ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminde eminlik etjek FIFA-nyň halkara derejeli eminleridir instruktorlary BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-maslahatyna gatnaşýarlar.

 

14-nji fewralda şol ýerde bolýan eminler toparymyzdan Allabergen Sapaýew Russiýanyň «Krasnodar» hem-de Gazagystanyň «Astana» toparlarynyň arasyndaky duşuşyga eminlik etdi. Oňa A.Pälwanow bilen B.Haknazarow ýardam etdi. R.Mämmedow hem-de Ý.Jumamyradow ätiýaçdaky eminleriň wezipesini ýerine ýetirdiler. 4:2 hasabynda Gazagystanyň klubunyň peýdasyna tamamlanan ýoldaşlyk duşuşygy türkmen eminleri üçin uly tejribe boldy.

 

Abu-Dabi şäherinde geçýän okuw maslahatynyň nazary hem tejribelik taýýarlyklaryň uly toplumyny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Maşklary ýerine ýetirmekleri, trenažýor zalyndaky türgenleşikler, nazary sapaklar hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda eminlik etmekleri türkmenistanly hünärmenleriň has-da kämilleşmeklerinde, olaryň ýokary derejedäki fiziki taýýarlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Okuw maslahaty 24-nji fewrala çenli dowam eder.