2023-nji ýylyň jemine we ýerine ýetirilen işlere bagyşlanan ýygnak geçirildi

Düýn ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýlan wezipelere hem-de degişli pudaklarda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Olarda wise-premýeriň, ministrleriň we beýleki ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmek boýunça şu ýyl, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Çykyşlarda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar toplumy boýunça 121 %  ösüşiň gazanylandygy barada aýdylyp, jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigi, pudagyň agentliklerinde kadaly önümçilik netijeleriniň gazanylandygy nygtaldy. Şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bilen bagly meselelere üns çekildi. Hususan-da, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

 

“Türkmendemirýollary” agentliginde geçirilen bu maslahatda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Maslahatlara gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlarda depginli ösdürmek babatda yzygiderli tagalla edýän, döwrebap şertlerde işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edip, öňde goýlan derwaýys wezipeleri amala aşyrmakda bilimdir tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.