Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory kabul edildi

15-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

 

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda ýaşyl energiýa, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen «Göni gepleşik»: Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen tebigy gazyň arasyndaky sinergiýa» atly duşuşygynyň netijeleri barada bellenildi.

 

Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda türkmen tarapynyň Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky COP28 Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşandygyny we Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen ählumumy meseleleri çözmäge ygrarlydygyna ünsi çekdi.

 

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar 2024-nji ýylyň mart aýynda Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumyna, şeýle hem forumyň çäginde geçiriljek Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tegelek stol maslahaty barada nygtadylar.

 

Gepleşigiň dowamynda BMG ÝYK-yň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamakdyr ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy diýlip, habarda bellenilýär.