Özbegistanda halkara ulag sergisinde AÝS-MA-Ýewropa ugry görkezildi
Daşkentde “Ulag we logistika – TransLogistica Uzbekistan 2022” atly 18-nji Halkara sergisi geçirilýär. Sergide CASCA+ multimodal ulag geçelgesiniň ugry aýratyn stend hökmünde görkezildi.
Bu ulag geçelgesi ugruna gatnaşyjy ýurtlaryň demirýol operatorlary – “ADY Container”JÇJ, “Kyrgyz temir žolu”, “Uzbekiston temir ýullari”, “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” PJ, “GR Logistics and Terminals” hem-de “Pasifik Ýewraziýa A.Ş.” hyzmatlaryny hödürleýärler.
Sergä gatnaşyjylara CASCA+ multimodal ulag geçelgesiniň ugry barada giňişleýin maglumat berildi. Bu geçelge ugruny döretmegiň maksadynyň gatnaşyjy ýurtlaryň üstaşyr mümkinçiliklerini ulanmak arkaly Hytaý-Ýewropa-Hytaý ugrunda demirýollarda ýük daşamagyň möçberlerini hem-de netijeliligini artdyrmakdan ybarat bolup durýandygy aýdyldy.
CASCA+ taslamasy “Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa ýurtlary” halkara multimodal ugrunyň binýadynda durmuşa geçirilýär.
2022-nji ýylyň awgustynda Bakuda geçirilen bu geçelge ugruna gatnaşyjy ýurtlaryň demirýol operatorlarynyň duşuşygynda ugruň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin operatorlaryň gatnaşmagynda konsorsiumyň döredilmegi, şeýle hem konteýnerleriň barýan ýolunda olara gözegçilik edip durmak maksady bilen, sanly ulgamyň dösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.