Ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak Aziýanyň merjen şaheri Aşgabat şäherinde giň gerim bilen ornaşdyrylýar

Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolmak bilen, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-i Aşgabat şäheriniň çäklerinde müşderilere dürli, şol sanda simli telefon, Internet, IP telewideniýe, CDMA 450 D standartyndaky radioaragatnaşyk we beýleki hyzmatlary amala aşyrýar.

 

Paýtagtyň telefon aragatnaşyk ulgamynda 100-den gowrak sanly telefon stansiýalara tehniki taýdan hyzmat edilip, olaryň aglabasy häzirki zaman NGN we IP kommutasiýa standartlarynda işledilýär.

 

Dünýä belli daşary ýurt operatorlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-i döwletara birikme nokatlary dürli ýerlerden bolan ýokary tizlikli telekommunikasiýa kanallary bilen üpjün boldy we müşderilere ýokary hilli Internet hyzmatlaryny hödürleýär.

 

Maglumat geçiriş ukyplygy ýokary bolan müşderilere bölüji giň gerimli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek maksady bilen optiki-süýümli transport ulgamlarynyň ýokary görkezijilere eýe bolýandygyny nazara alyp, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-i optiki kabelleri müşderileriň öýüne çenli çekmek bilen GPON (Gigabit passive optical network) tehnologiýasynyň esasyndaky bölüji aragatnaşyk ulgamlaryny yzygider ornaşdyrmagy dowam edýär.

 

Müşderilere telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryny amala aşyrmakda GPON tehnologiýasynyň ulanylmagy ulgama tehniki taýdan hyzmat etmegiň çykdajylaryny azaltmak bilen, hyzmatlaryň hil derejesiniň has ýokary derejelere ýetmegine ýardam berýär.

 

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň önümçilik işinde müşderilere dürli hyzmatlardan peýdalanmakda amatlyklary döretmeklige aýratyn üns berilýär. Müşderilere online hyzmatlardan peýdalanmak, hyzmatlary birikdirmek ýa-da ýatyrmak, näsazlyklar barada habarlary ýerleşdirmek, balansyny bilmek, tölegleri amala aşyrmak we ş.m. üçin ýörite programma üpjünçilikleri, olaryň goşmaçalary döredilýär we ulanylyşa girizilýär.

 

Gaýry edara-kärhanalaryň hyzmatlary bilen gyzyklanýan müşderilere, meselem awtomobil, demir ýol hereketleri we ýolagçy gatnawlarynyň tertibi baradaky maglumatlary bermek hyzmatyny ýola goýmak üçin bir bitewi «Call center» we «SMS center» ulgamlaryny döretmek işi meýilleşdirilen ugurda alnyp barylýar.